Giňişleýin

«EKO 93» kysymly ulag benzinine birža söwdalarynda daşarky bazarda isleg bildirildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 7-nji aprelde geçirilen birža söwdalarynda Owganystanyň telekeçileri «EKO 93» kysymly ulag benzinini satyn aldylar. Şeýle hem 7-nji aprelde geçirilen birža söwdalarynda birinji hilli bugdaý uny, nah ýüplügi we dokma önümleri ýerlenildi. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 15 446 000,00 manada we 54 142 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.