Nebitgaz pudagy Türkmenistan bilen Bangladeşiň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar
Türkmenistanyň we Bangladeş Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda geçirilen ilkinji syýasy geňeşmelerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň we Bangladeşiň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Dakkanyň söwda-senagat palatasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine seredildi.
Nebitgaz pudagy, ulag babatda özara aragatnaşyk, oba hojalygy, dokma senagaty we beýleki ugurdaky hyzmatdaşlyklary agzalyp geçildi.
Diplomatlar iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ähmiýetini tassykladylar. Şunlukda, taraplar daşary işler ministrleriniň özara saparlaryny guramak ugrunda işlemegi ylalaşdylar.