Giňişleýin

Türkmenistanyň alymlary nebitgaz pudagy üçin täze tehnologiýalary patentlediler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlary nebitgaz pudagy üçin iki sany täze çözgüdi işläp düzdüler we olary patentlediler. Olaryň arasynda topragy nebit önümlerinden arassalamak üçin biologiki usul we gaz arassalamakdan galýan galyndylaryň binýadynda gurluşyk materialy bar.

Birinji işläp düzme — nebit önümleri bilen hapalanan topragy çuňňur arassalamak we dikeltmek usulydyr. Bu usul tomusky yssy hem-de topragyň duzly şertlerinde agyr uglewodorodlary dargatmaga ukyply ýerli mikroorganizmler-destrektorlaryň ýörite ştammlaryny bölüp almaga we köpeltmäge esaslanýar.

Bu biologik usulyň ulanylmagy nebitgaz toplumynyň desgalarynda tehnogen hapalanmalaryň netijelerini aradan aýyrmakda gymmatly we ekologiki taýdan howpsuz bolmadyk himiki reagentleri çalyşmaga mümkinçilik berýär.

Ýerli mikrofloranyň hasabyna substratyň tebigy regenerasiýasy gysga wagtyň içinde ýerleri oba hojalyk ýa-da hojalyk dolanyşygyna gaýtaryp berýär we ekosistema bolan antropogen ýüküni aýyrýar.

Ikinji işläp düzme — nebitgaz känlerinde tebigy gazy arassalamakda galyndy hökmünde galýan artykmaç tehniki kükürdi peýdalanmak bilen döredilen organomineral kükürtpolimerbetonyň resepturasyna alnan patentdir. Bu bolsa importyň оrnuny tutýan önümçiligiň aýdyň mysalydyr. Material ýokary berkiligi, ýokary dykyzlygy hem-de agressiw himiki gurşawlara we çyglylyga durnuklylygy bilen tapawutlanýar.

Kükürtpolimerbetonyň ulanylmagy adaty sement betonynyň duzlaryň täsiri astynda tiz weýran bolýan ýerlerinde — gidrotehniki gurluşyk, suwaryş kanallary, duzly suwlary akdyryş ulgamlary we port desgalary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu materialyň peýdalanylmagy diňe bir düýpli gurluşygyň özüne düşýän gymmatyny azaltman, eýsem kükürt galyndylaryny utilleşdirmek boýunça ekologiki wezipäni hem çözýär. Bu barada https://turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.